logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
  09.12.2022
1042
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1-nji derejeli ýurist Didar Suhanberdiýewiç Orazowy Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

1-nji derejeli ýurist Begli Täşliýewiç Täşliýewi Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenabat prokurory wezipesine bellemeli;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begmyrat Nurýagdyýewiç Garryýewi Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesinden boşatmaly;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Ahmet Berdimyradowiç Annamyradowy Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenabat prokurory wezipesinden boşatmaly. 

 

Türkmenistanyň Prezidenti, 

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 

Serdar BERDIMUHAMEDOW. 


Aşgabat şäheri, 
2022-nji ýylyň 8-nji dekabry.