logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda
  09.12.2022
1090
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 54-nji, 72-nji, 73-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Annamyrad Geldimyradowiç Saryýewi Aşgabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäher kazyýetiniň prezidiumynyň düzümine girizmeli we Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Serdar Rozymyratowiç Allakowy Ahal welaýatynyň Tejen etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Tejen etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Maksat Çaryýewiç Jumaýewi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Maksat Muhommetmyradowiç Oratdyýewi Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Gurt Amandurdyýewiç Gurbandurdyýewi Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Öwezmyrat Gaýypowiç Mämedowy Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Darganata etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Çarynepes Pirnepesowiç Pirnepesowy Mary welaýatynyň Ýolöten etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Döwlet Atamyradowiç Babaýewi Balkan welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Guwanç Genjibaýewiç Hudaýberdiýewi Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Çaly Öwliýagulyýewiç Babaniýazowy Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Nurgeldi Bekmyradowiç Baýryýewi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly. 

 

Türkmenistanyň Prezidenti, 

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 

Serdar BERDIMUHAMEDOW. 


Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji dekabry.