logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
  12.10.2025
514
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Duşenbe şäherinde iş sapary bilen bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Täjik Lideri türkmen döwlet Baştutanyny mähirli garşylap, saparyň iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitjekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny ýetirdi.

 

Duşuşykda taraplar halkara syýasatyň möhüm ugurlary boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini nygtadylar. Türkmenistan bilen Täjigistan BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýärler, özara goldawly başlangyçlary öňe sürýärler.

 

Taraplar söwda-ykdysady, medeni we ylym-bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini hem aýtdylar. Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon iki döwletiň dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

 

Daýanç NURÝAGDYÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň diňleýjisi.