logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ermeni dilinde neşir edildi
  16.03.2022
2238
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ermeni dilinde neşir edildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Bu dabara Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurduň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şeýle-de bu ýokary okuw mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Ermenistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Ruben Maratowiç Harazýanyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Baýramgül Orazdurdyýewanyň, wideo aragatnaşyk arkaly Ýerewan döwlet uniwersitetiniň türkologiýa öwreniş bölüminiň müdiri, professor Aleksandr Safariýniň, şol kafedranyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amaliýa Petrosýanyň, Ermenistan Respublikasynyň şahyry we terjimeçisi Waružan Hasturyň, şeýle-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewanyň çykyşlary diňlenildi.