logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasy geçirildi
  19.03.2022
1472
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasy geçirildi

Şu gün Aşgabat şäherindäki Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, agzalary we deputatlary, Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, hukuk goraýjy we harby edaralaryň gullukçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, giň jemgyýetçilik köpçüligi gatnaşdy.

Çäräniň başynda Aýratyn hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş sazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň tuguny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we mukaddes Gurhany getirdiler.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti münbere baryp, sag elini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goýup, Watana we halka dabaraly kasam etdi.

Soňra döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsyýetnamasy gowşuryldy. Welaýatlara hem-de Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny uly hormat bilen gowşurdylar we ähli halkymyzyň adyndan mähirli gutladylar.