logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistanyň söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen duşuşyk geçirildi
  18.01.2023
558
Türkmenistanyň söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen duşuşyk geçirildi

Parižde «Türkmenistan — Fransiýa» söwda edarasynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň bu ýurtda hereket edýän ilçihanasynyň, Döwlet-haryt çig mal biržasynyň, şeýle-de iri fransuz kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda günortanlyk naharynyň başynda geçirilen iş duşuşygynyň barşynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga çagyrylan myhmanlaryň hatarynda «VINCI Construction», «Carpi Tech», «MEDEF International», «Safran», «PMJC», «CIS Energy», «In Groupe», «Thomson Broadcast», «Oberthur», «Airbus», «Saberatours» ýaly meşhur kompaniýalaryň wekilleri bar.

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew fransuz işewürlerine ýurdumyzda daşary döwletleriň işewürlik düzümleri üçin döredilen amatly şertler barada gürrüň berip, olary himiýa, dokma senagaty, gaz we nebithimiýa, oba hojalygy pudaklarynda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy. Şunda Türkmenistanyň çäginde aýry-aýry pudaklar boýunça bilelikdäki önümçilikleri döretmek teklibi beýan edildi. Duşuşykda işewürler ýurdumyzyň üstaşyr-logistik kuwwaty, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, awtomobil we demir ýol taslamalary barada-da giňişleýin maglumatlary aldylar. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekili bolsa, öz gezeginde, Türkmenistanda birža işiniň alnyp barlyşy barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hemişelik dialogy ýola goýmak üçin şeýle duşuşyklary yzygiderli esasda guramagyň zerurdygyny nygtadylar. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.