logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçiriler
  31.03.2024
661
Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçiriler

Şu ýylyň 3-nji aprelinden 5-nji apreline çenli Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Sergä senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň dürli pudaklarynda işleýän ministrlikleriň we söwda toplumynyň dürli bölümlerinden 210-dan gowrak işgäriň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Şeýle hem bu çäre, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli modeller öýleriniň milli lybaslarynyň dabaraly görkezilişini, söwda toplumyna degişli kärhanalaryň täze önümleriniň mahabat-tanyşdyryş çärelerini guramak meýilleşdirilýär.

 

Mundan başga-da, bu sergide Türkmenistanyň söwda we hyzmatlar ulgamynda, dokma, halyçylyk pudaklarynda, beýleki ugurlarda gazanylan üstünlikleri görkeziler.

 

Leýla BAÝSÄHETOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.