logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Türkmenistanyň üsti bilen Pakistan ilkinji ýük otlysyny Russiýa ugradýar
  14.06.2025
1037
Türkmenistanyň üsti bilen Pakistan ilkinji ýük otlysyny Russiýa ugradýar

Pakistan 22-nji iýunda ilkinji gezek Russiýa tarap ýük otlusyny ugradýar. Bu ýol Eýran, Türkmenistan we Gazagystan arkaly geçip, Russiýanyň günortasyndaky Astrahan şäherine barar diýip, “Newscentralasia” agentligi penşenbe güni habar berdi.

 

Ýük otlusy Pakistanyň Lahor şäherinden ýola düşüp, Eýran bilen araçäkleşýän Taftan nokadyna çenli takmynan 2000 kilometr ýol geçer. Soňra ol halkara “Demirgazyk — Günorta” ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça hereket eder. Bu geçelge häzirki wagtda işjeň ösdürilýän we Günorta Aziýany Ýewraziýa bilen baglanyşdyrýan möhüm ulag ugrudyr.

 

Eýrandaky rels ölçegleriniň tapawutly bolmagy sebäpli ýükler Zahedan şäherinde başga otla geçirilip, otly Sarahs geçelgesi arkaly Türkmenistanyň serhedinden geçer. Türkmenistandan Gazagystana, soňra bolsa Russiýanyň Astrahan şäherine tarap ýoluny dowam eder.

 

Türkmenistan bu geçelgede möhüm rola eýe bolup, Eýran bilen Gazagystany demir ýol arkaly birikdirýän strategiki halkadyr. Şeýle hem, Türkmenistan, Gazagystan we Russiýa döwletleriniň demir ýol ulgamyndaky rels ölçegleriniň birmeňzeş bolmagy, ýükleriň üznüksiz we çalt daşalmagyny üpjün edýär.

 

Bu ugur boýunça ýolyň umumy uzynlygy takmynan 8000 kilometre deň bolup, otlynyň Pakistandan Russiýa 20–25 günüň dowamynda barmagy meýilleşdirilýär. Ilkinji saparda 15–16 TEU konteýner daşalar, emma nyrhlar ylalaşylan ýagdaýynda bu mukdar 31 konteýnere çenli artdyrylyp bilner.

 

Pakistanyň demir ýol ministri Muhammad Hanif Abbasi bu başlangyjyň ýurduň demir ýol ulgamyny Merkezi Aziýa bilen birleşdirmek, sebitleýin logistika mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda ädilen möhüm ädimdigini belledi.