logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Türkmenistanyň we Özbegistanyň futzal ýygyndylary ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler
  04.04.2022
1118
Türkmenistanyň we Özbegistanyň futzal ýygyndylary ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler

5-nji aprelde Türkmenistanyň we Özbegistanyň futzal boýunça milli ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler. Bu duşuşyk ýygyndylaryň ikisi üçin hem Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryna taýýarlygyň möhüm bölegi bolar.

Duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi we Günorta sebitinde geçiriljek saýlama duşuşyklarynda “A” toparçada çykyş eder. Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň garşydaşlary Eýranyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Maldiwleriň ýygyndy toparlary bolar. Saýlama tapgyryň “B” toparçasynda Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de Nepalyň milli ýygyndylary bäsleşerler.

Belläp geçsek, ýakynda Türkmenistanyň ýygyndysy Özbegistanyň «Bunýodkor» futzal topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, 6:1 hasabynda ýeňiş gazandy.