logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
  06.06.2022
1212
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow telefon söhbetdeşlik geçirdi.

Taraplar söhbetdeşligiň başynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe ugurlary hususan-da, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklara görülýän taýýarlygyň gidişi, şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek Altynjy Hazar sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň Daşary işler ministrleri söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak resmi sapary bilen bagly meselelere hem seretdiler.