logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Türkmenistanyň wekiliýeti FFD4 halkara maslahatyna gatnaşýar
  02.07.2025
911
Türkmenistanyň wekiliýeti FFD4 halkara maslahatyna gatnaşýar

2025-nji ýylyň 30-njy iýunyndan 3-nji iýuly aralygynda Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde geçirilen Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahata (FFD4) Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berilýär.

 

Maslahata döwlet we hökümet ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretary, şeýle-de Bütindünýä bankynyň, Halkara walýuta gaznasynyň, Bütindünýä söwda guramasynyň we beýleki halkara hem-de sebit guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

 

Maslahat çäginde halkara maliýe ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, dünýäde we ýurtlaryň içinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin maýa goýumlaryny höweslendirmek, şeýle-de maliýe päsgelçiliklerini azaltmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, häzirki zaman ykdysady şertlerinde durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmeginiň, maddy-tehniki infrastruktura we ygtybarly aragatnaşyk ulgamlarynyň döredilmeginiň möhümdigi aýratyn bellenildi.

 

Mundan başga-da, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara bagyşlanan üçünji maslahatynyň, bu ýurtlaryň ösüşini maliýeleşdirmek, hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we ýüze çykýan kynçylyklara çözgüt tapmak üçin netijeli halkara gepleşik meýdançasy hökmünde hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

 

Ýazbibi AKYMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.