logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanyň wekiliýeti Hazar kongresine gatnaşdy
  07.06.2024
546
Türkmenistanyň wekiliýeti Hazar kongresine gatnaşdy

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň wekiliýeti Astrahan sebitinde geçirilen Hazar ylym-bilim kongresiniň çägindäki «Suw ulaglarynyň meselelerini çözmegiň häzirki zaman çözgütleri» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy.


Maslahatyň dowamynda türkmen alymlary we hünärmenleri üstaşy ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak, şeýle-de ulag infrastrukturasynda geografiki maglumat tehnologiýalarynyň ulanylyşy bilen baglanyşykly gazanan üstünliklerini tanyşdyrdylar.


Türkmen wekiliýeti öz çykyşlarynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň halkara ýük daşamalaryndaky strategiki orny, goňşy ýurtlaryň ýükleriniň üstaşyr geçirilmegindäki ähmiýeti hem-de portuň multimodal ulag ulgamyny döretmekdäki mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdiler.


Mundan başga-da, forumda türkmen wekiliýeti portuň täze nyrh ulgamy, galla ýüklerini daşamak üçin döredilýän şertler hem-de sebitdäki iň iri ulag merkezi hökmünde portuň ösüş mümkinçilikleri barada çykyş etdiler.