Gyrgyz Respublikasynyň Yssy köl sebitinde Merkezi Aziýada suw serişdelerini dolandyrmak we howa durnuklylygy boýunça Erasmus+ HWCA taslamasynyň jemleýji çäresi geçirildi. Oňa Türkmenistandan Türkmen oba hojalyk institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdy.
Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Kazy Dikambaýew adyndaky Diplomatiýa akademiýasy tarapyndan utgaşdyrylan taslamanyň çäginde suw diplomatiýasy, howa durnuklylygy we ýokary bilim ulgamyndaky sebitara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda taslamanyň netijeleri boýunça hasabatlar diňlenildi, öňdebaryjy tejribeler paýlaşyldy hem-de geljekki uniwersitetara hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy Babageldi Kurbanowyň maglumatyna görä, taslama institutyň suw hojalygy boýunça hünärmenleri taýýarlamak işini döwrebaplaşdyrmaga, okuw maksatnamalaryna howa diplomatiýasynyň elementlerini girizmäge we ylmy-barlag mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredipdir.
Firuza DOSÇANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
5-nji ýyl talyby