logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi
  20.09.2025
1313
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Paýtagtymyzda Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli ykdysady üstünlikleriň sergisi açyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen bu sergi milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösüşini, giň möçberli özgertmeleri we halkymyzyň abadan durmuşyny görkezýär. Açylyş dabarasyna döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlardan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden wekiller, daşary ýurt diplomatlary gatnaşdy.

 

Sergide şäherlerimiziň we welaýatlarymyzyň ösüşini, täze desgalary, senagat we oba hojalyk önümlerini, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, himiýa, söwda, dokma, maliýe we bank pudaklarynyň gazananlaryny görkezýän diwarlyklar ýerleşdirildi. Nebitgaz toplumynyň, oba hojalyk ministrlikleriniň, hususy kärhanalaryň, ulag we aragatnaşyk düzümleriniň, gurluşyk we senagat kärhanalarynyň işleri giňden beýan edildi.

 

Dokma senagaty, telekeçileriň öndürýän azyk önümleri, ýokary tizlikli awtoban gurluşygy, täze tehnologiýalar, kompýuterler, saglygy goraýyş we derman önümleri, ylmy açyşlar hem görkezildi. Sport, bilim we medeniýet ugrunda gazanylan üstünlikler aýratyn orun aldy. Serginiň çäklerinde milli lybaslaryň görkezilişi hem guraldy.

 

Mähri GUZYÇYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.