Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦ ✦ Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings 2025» reýtingine goşuldy
  22.06.2025
740
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings 2025» reýtingine goşuldy

Britaniýanyň «Times Higher Education (THE)» guramasy tarapyndan taýýarlanylýan dünýä derejesindäki abraýly reýtingde – «THE Impact Rankings 2025»-de Türkmenistanyň 14 ýokary okuw mekdebi üstünlikli çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Bu sanaw her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýokary okuw jaýlarynyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmekde gazanan netijelerine laýyklykda düzülýär.

 

Bu reýtingde görkezilen ýokary okuw jaýlarynyň sanawyna Türkmenistanyň birnäçe öňdebaryjy bilim ojaklary girýär. Olaryň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Döwlet energetika instituty, Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Oba hojalyk instituty, Döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Ý.Kakaýew adyndaky Nebit we gaz uniwersiteti, Döwlet maliýe instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersiteti, Seýitnazar Seýdi adyndaky Mugallymçylyk instituty, Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Magtymguly adyndaky Döwlet uniwersiteti we D.Azady adyndaky Milli dünýä dilleri instituty bar.

 

«THE Impact Rankings» 2019-njy ýyldan bäri geçirilip, ýokary okuw mekdepleriniň 17 sany DÖM-i boýunça dünýä ösüşine goşandyny seljerýär. Bahalandyrma ýörelgesine görä, her uniwersitet iň azyndan dört maksady – şol sanda hökmany bolan 17-nji maksady (hyzmatdaşlyk arkaly maksatlara ýetmek) boýunça maglumat berýär.

 

Bu reýtingiň 2025-nji ýyldaky neşirinde 130 ýurtdan 2526 ýokary okuw mekdebi hasaba alyndy. Türkmen ýokary okuw jaýlarynyň bu sanawa girmegi olaryň halkara derejesinde ykrar edilýändigini, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara ölçeglerine laýyk ösüş ýolundadygyny görkezýär.

 

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýä reýtinglerine gatnaşmagy BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýediginiň hem-de milli bilim ulgamynyň halkara abraýynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

Döwlet Arapow,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.