logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /(TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabara türkmen sungat ussatlary gatnaşar
  08.12.2023
504
(TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabara türkmen sungat ussatlary gatnaşar

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Ankara we Pariž şäherlerinde geçiriljek konsertlere gatnaşar. Bu barada medeniýet ministrligi habar berýär.

 

Türki halklaryň medeniýeti halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşjak ildeşlerimiz 8 — 19-njy dekabr aralygynda Türkiýe Respublikasynda hem-de Fransiýa Respublikasynda iş saparynda bolarlar. 

 

Ýurdumyzyň sungat ussatlaryň Ankara şäherinde we Fransiýada ýagny Pariž şäherinde aýdym saz çykyşlaryny we türkmen halk aýdymlary bilen sahnany bezärler. Bellenilişi ýaly, konsertler şu ýylyň 8 — 18-nji dekabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde hem-de Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriler.

Güller Garýagdyýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.