logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /TÜRKSOÝ-yň wekilleri gadymy şäher bilen tanyşdylar
  19.12.2022
1025
TÜRKSOÝ-yň wekilleri gadymy şäher bilen tanyşdylar

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, bu guramanyň wekilleri gadymy şähere baryp gördüler. Saparyň esasy maksady Änew şäherinde 2024-nji ýylda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamakdan, bu taryhy künjek bilen ýakyndan tanyşmakdan ybarat boldy.

Myhmanlar gadymy Änewiň gözel ýerleri bilen tanyşdylar. Şäheriň görküne görk goşup, ajaýyp binagärlik keşbi bilen göreniň ünsüni çekýän Milli «Ak bugdaý» muzeýi myhmanlarda aýratyn täsir döretdi. Myhmanlar gadymy Änew metjidinde — Seýit Jemaleddin ýadygärlik toplumynda, Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda hem boldular.