logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Turşuja atgulak
  27.11.2021
2040
Turşuja atgulak

 Ösümlik dünýäsi ilkinji «Tebigy dermanhana» bolanlygy üçin biziň ata-babalarymyz olardan melhemlik tapypdyrlar. Gyrymsy agaçlaryň, otlaryň tebigy işläp çykarýan dürli peýdaly maddalaryny ulanyp janlaryna melhem tapypdyrlar. Şol melhemlik ösümlikleriň biri hem şäwel dermanlyk otudyr.

Şäwel dermanlyk oty ynsan saglygyny bejermekde ir wagtlardan bäri ulanylyp gelinýär. Şäwel oty turşymtyl köp ýyllyk dermanlyk ösümlik bolup, onuň boýy 30-60 sm. ýetýär. Şäwel dermanlyk oty şypaly ösümlik hökümünde halk arasynda birnäçe maksatlar üçin ulanylýar. Şäwel dermanlyk oty çyglylygy gowy görýän ot bolup, aprel we maý aýlarynda gülläp, bu  dermanlyk ösümligi çygly tokaýlarda, çygly çemenlikleriň arasynda we gyrymsy agaçlaryň arasynda köp ösüp ýetişýän ösümlik hasaplanylýar. Şäwel dermanlyk oty örän şireli bolup, emeli ýyladyş bilen guradylýar. Bu otynyň ynsan saglygyny bejermekde dermanlyk aýratynlyklary bolup, üsgülewik, bronha keselleri, iç geçme, aşgazan, içege kesellerini bejermekde halk lukmançylygynda giňden ulanlyýar. Şäwel dermanlyk otynyň düzüminde kaliý, oksalat kislotasy, flawon glikozid we «C» witaminlerine baý ösümlik hasaplanylýar. Şeýle-de şäwel oty adamynyň gan arassalaýjy, işdä açyjy, bagyr  kesellerine garşy giňden ulanylýan dermanlyk ösmlikleriň biri hasaplanýar. Ol sebäpli şäwel dermanlyk otyny gadymy döwürlerde we häzirki döwürde halk lukmançylygynda has-da giňden ulanylyp, ynsan saglygyny bejermekde hem-de tebipçilkde  giňden ulanylýar.