logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /«Twitter» - 7 müň 500-den gowrak işgärini işden çykarar
  05.11.2022
1085
«Twitter» - 7 müň 500-den gowrak işgärini işden çykarar

Sosial media platformasy bolan «Twitter» öz işgärlerini işden çykarmaga başlady. ABŞ-nyň metbugatynda berlen habarda, sosial media platformasynyň iş ýeriniň wagtlaýyn ýapylandygy we işden çykarmalar gutaransoň gaýtadan açyljakdygy mälim edilýär. Kompaniýanyň täze eýesi Elon Musk, çykdajylary azaltmak we täze iş tertibini girizmek isleýänligi sebäpli işgärleriň ýarysyny diýen ýaly işden aýyrmagy meýilleşdirýändigi aýdylýar.

Işden çykarylýanlaryň aglabasy inženerçilik, aragatnaşyk, hyzmat we mazmun gowulandyrma boýunça hünärmenlerinden ybarat. «Twitter»-iň 7 müň 500-den gowrak işgärini işden çykarmagyna garaşylýar.

Belläp geçsek, Elon Musk«Twitter»-i 44 milliard dollara satyn aldy.