logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Uçurymlar Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýdular
  25.05.2023
1394
Uçurymlar Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýdular

Şu gün — 25-nji maýda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. 

Okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäresi ir säherden başlady. Ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň iň täze taryhynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde oturdylan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine ajaýyp gül desselerini goýdular.

«Ýurdumyz berkarar, gadamymyz batly — Arkadag Serdarly ýaşlarymyz bagtly!» atly şygar astynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary ýakymly duýgulara beslendi. Döwlet Baştutanymyzyň iberen Gutlagynyň okalmagy orta mekdepleriň uçurymlary üçin durmuş ýoluna ak pata boldy. Baýramçylyk dabaralarynda ata-eneleriň, mugallymlaryň we halypalaryň adyna ýagşy sözler, gutlaglar aýdyldy, uçurymlara rowaçlyklar, üstünlikler arzuw edildi.

Ak mekdepde bilim alan döwürlerinde dürli ugurlarda has tapawutlanan okuwçylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Uçurymlar mekdep bilen, mugallymlary bilen hoşlaşdylar, mugallymlara hem-de ata-enelere hoşallyk bildirdiler, täze okuw ýylynda mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlemäge taýýarlanýan körpelere bilimler dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşanyny — «Altyn açary» gowşurdylar. Ak arzuwlaryň nyşanyna öwrülen ak kepderiler al-asmanda ençeme öwrüm etdiler.