logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Ugandanyň 2 sebitinde «ebola» epidemiýasy sebäpli daşaryk çykmak gadagan edildi
  18.10.2022
1254
Ugandanyň 2 sebitinde «ebola» epidemiýasy sebäpli daşaryk çykmak gadagan edildi

Ýakynda Uganda döwletinde ýüze çykan «ebola» epidemiýasy paýtagt Kampala hem ýaýransoň, Muben we Kassan ýaly sebitlerde daşaryk çykmak gadagan edildi.

«Ebola» epidemiýasy Uganda-da 20-nji sentýabrdan bäri dowam edip gelýär. Ýurtda «ebola» epidemiýasy örän çalt ýaýraýar. Şol sebäpli hem raýatlaryň ybadat we dynç alyş ýerleri wagtlaýynça ýapyldy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Uganda-da epidemiýa sebäpli adam pidasynyň 39-a ýetendigini, 20-den gowrak adamyň agyr hassadygyny we häzirki wagtda 660-dan gowrak adam gözegçilik astyndalygyny belläp geçdi.