logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Uglerod arassalaýjy tehnologiýalar ýeterlik däl!
  19.01.2023
909
Uglerod arassalaýjy tehnologiýalar ýeterlik däl!

Global ýylylyk sebäpli Ýeriň ortaça temperaturasy yzygiderli ýokarlanýar, netijede buzluklar kem-kemden ýitýär we Ýere howp abanýar.

Alymlar bir ýylda atmosfera goýberlen takmynan 37 milliard tonna kömürturşy gazynyň 2 milliard tonnasynyň arassalanýandygyny we global klimat maksatlaryna ýetmek üçin bu görkezijiniň tizden-tiz köpeldilmelidigini aýdýarlar. Mundan başga-da, hünärmenler howany we klimaty aýawly saklamak üçin uglerod arassalaýjy tehnologiýalara has köp maýa goýulmalydygyny belleýärler.

Gözleglere goşant goşan Germaniýanyň Halkara gatnaşyklar we howpsuzlyk meseleleri institutynyň hünärmenleri, bu babatda täze tokaýlary döretmegiň iň gowy we arzan çykalgadygyny mälim edýärler.

Belläp geçsek, howadan uglerody aýyrmak we global temperaturanyň ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin halkara jemgyýetçiligi 2030-njy ýyla çenli birnäçe taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýärler. 

 

Mansur ÖWEZMURADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.