logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Ugur sanly ulgam bilen sansyz üstünliklere
  31.03.2023
1242
Ugur sanly ulgam bilen sansyz üstünliklere

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz günsaýyn ösýän hem özgerýän eziz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaryň we durmuş ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini gazanmak wezipelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Häzirki döwürde sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary gündelik durmuşymyzyň hem-de ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna aralaşyp, olaryň ösmegine, kämilleşmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda «akylly» şäherleriň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde sanly ugur täze ösüşlere eýe boldy. Bu döwrebap taslamalarda amatly ýaşaýyş şertleri, ekologiýa abadançylygy, aragatnaşyk we söwda hyzmatlary sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlary esasynda amal edilýär. Ak bagtyň, bagtyýarlygyň hem ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilen, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheri ýurdumyzda akylly şäher taslamasy boýunça durmuşa geçirilen ilkinji iri taslamadyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, binagärlik babatdaky ýiti zehininde kemala gelýän bu täze şäherde häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri özboluşly utgaşdyrylýar, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler ulanylýar. Şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, şeýle-de maglumat hem-de aragatnaşyk tehnologiýalary sanly ulgam arkaly dolandyrylar we elektrobuslar, elektromobiller hereket eder. Şunuň ýaly eziz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijesinde ýola goýulýan öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we pudaklara, gurulýan desgalara ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy alnyp barylýan iri taslamalaryň mysalynda hem aýdyň görünýär. Sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri ýetişdirmäge gönükdirilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hünäre gönükdirmek ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatynda goşmaça bilimleri girizmek we bu ugurda täze ukyplary ýüze çykarmak milli bilim ulgamynyň möhüm wezipeleridir. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda sanly ykdysadyýetiň anyk ugurlary boýunça okadylmagy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyna degişli edaralaryň hünärmenleri bilen tejribe alşylmagy degişli hünäri bilen birlikde, maglumat tehnologiýalaryndan doly baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Bilim edaralarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işleri hem guwandyryjydyr. Bu ugurda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň çäginde ýurdumyzyň ýokary bilim ojaklarynyň bagtyýar ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda işlenip düzülen dürli sanly çözgütleri, okuwa degişli maglumatlary özleşdirmeklerine mümkinçilik berýän bilim portallary, sanly kitaphana ulgamy we beýleki gazanylanlar ýurdumyzyň sanly ulgamyň soňky gazananlary esasynda bedew batly ösüşlere eýe bolýandygyna güwä geçýär. Sanly ulgamy ähli ugurlarda doly ornaşdyrmak we barha kämilleşdirmek babatda asylly işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolsun! 

 

Mahym MÄMMETGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.