logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ukrainadan türkmen raýatlary ýurdumyza getirilýär
  10.03.2022
821
Ukrainadan türkmen raýatlary ýurdumyza getirilýär

Türkmen raýatlaryny Ukrainadan ýurdumyza getirilip başlandy. Raýatlarymyzyň howpsuz getirilmegi babatda degişli diplomatik gulluklar bilen ylalaşylyp, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň gurnaýan ýörite gatnawlary bilen raýatlarymyzy ýurdumyza howpsuz ýagdaýda getirmek göz öňünde tutulýar.

Şu gün irden Rumyniýanyň Buharest şäheriniň halkara howa menzilinden, Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziline “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň T5 3286 belgili ýörite gatnawy arkaly 282 raýatymyz getirildi.