logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Ula hormat, kiçini sylamak-edebiň gözbaşydyr
  03.04.2020
4343
Ula hormat, kiçini sylamak-edebiň gözbaşydyr

       Ýurdumuzda dostlukly gatnaşyklary ýaýbaňlandyrmak, bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak we türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuş hal-ýagdaýyny gowlandyrmak baradaky milli syýasatymyza badalga berilmelgi netijesinde, il-ýurt bähbitli işler amala aşyrylýar. Beýik işleriň amala aşmagy bolsa, Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.

         “Türkmenistan Bitaraplygyň- mekany” ýylynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän döwründe Ahal welaýatynyň etraplarynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň esasy ugrlary” at bilen Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde etrabyň okuwçy ýaşlarynyň, mugallymlaryň, ýaşuly nesilleriň, jemgyýetçilik guramalaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Bu maslahatda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan uly manitorda edep-terbiýe barada gürüň berilýän şekilleri görkezilip, okuwçylar bilen wagyz-nesihatly gürrüň berildi. Şeýle-de jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda mekdeplerden gelen halypa mugallymlaryň birnäçesi öz gezeklerinde durmuşda gabat gelýän her bir kynçylyklardan özlerini alyp çykmak, zyýanly endiklere okuwçylaryň baş goşmazlygy, milli däp-dessurlarymyzyň biziň şu günlerimizde-de ýitirmän dowam etdirmekligi, ula hormat, kiçä sylag, ata-ene we çagalryň arasynda gatnaşyklar, mugallym bilen okuwçylaryň özara sazlaşyklary, köpçülikde halanmaýan hereketler, Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlaryň gelejegi üçin edilýän atalyk aladalary barada durlup geçildi.

Geçirilen maslahat terbiýeçilik ähmiýetli boldy.