logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym
  09.03.2023
1781
Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym

Her paslyň öz gözelligi bar. Bahar paslynyň gözelligi has üýtgeşik, täsirli, özüne çekiji. Megerem şonuň üçindir, bu paslyň gözelliginiň waspy-da has belent ýaňlanýar. Owadan sähralara elwan gülleri peşgeş berip, biziň ajaýyp ilimize gelen bahar pasly kalbyňy heýjana getirýär. Şeýda bilbiller türkmen tebigatynyň gözelliginiň waspyny edip saýraýarlar. Giň ýaýlalarymyza bahar paslynyň gelmegi bilen owadan reýhan güller açylýar.

Pasyllaryň soltany bolan ýaz paslynyň türkmen tebigatyna gadam basmagy bilen baglaryň pyntyk ýaryp, maýsalaryň garyş-garyş ösmegi, daş-töweregimiziň ýaşyl dona bürenip, köz ýaly gyrmyzy güllere bezenmegi, şeýda bilbilleriň kah-kah urýan nagmasy kalbyňda heýjanalyk duýgusyny döredýär. Uly bol, kiçi bol, parhy ýok, näçe ýaşdadygyňa garamazdan, tebigatyň bu jadylaýjy keşbi biziň her birimizi özüne bendi edýär. Megerem, bahar-ýazyň maýyl ediji şeýle täsiri döredijilik bilen senetçiligi bir galyba salyp bilen ussat şahyryň joşgunly köňlüne hem ylahy ylhamy bagyş edip, şirinden labyzly şygyrlary ýazdyran bolmaly. Munuň şeýledigi Magtymgulynyň ýazan, döreden, dilden-dile geçip, nesillere miras galan goşgularynda hem öz beýanyny tapýar.

Türkmen ýazynyň ajaýyplygy, onuň röwşen keşbi türkmen edebiýatyna, halk döredijiligine siňip, her ynsanyň kalbynda tebigata bolan söýgini güýçlendirýär, ýürekleri joşdurýar, ene topragyň, ata Watanyň waspyny ýetirmekde göwün ylhamyny artdyrýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Halk döredijilik eserleriniň iň gadymy we giň ýaýran görnüşi lälelerdir. Alymlaryň pikiriçe, läleler bahar aýlary türkmen sährasyny gyzyl elwan haly kimin örtýän güläleklere, bägüldir çigildemlere bagyşlanan aýdymlardyr» diýip belleýär. Onda ýaz paslynda döredilen eserleriň ýaşaýşy, gözelligi, janlanyşy mähir-muhabbet, joşgun bilen wasp edýändigi beýan edilýär. 

 

Jeýhun MUHYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.