logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Nature /Ülkämize bahar geldi!
  13.03.2025
1167
Ülkämize bahar geldi!

Bahar paslynyň gelmegi bilen, türkmen topragy janlandy. Tebigat ýaşyl begrese bürenip, guşlaryň owazy we gülleriň gözelligi ýüreklere joşgun çaýdy. Şahyrlaryň goşgulary bahary wasp etdi, baharyň ýagyşy bilen tebigat täzeden janlanyp, toprak rysgala beslendi.

 

Tebigat bilen ynsanyň sazlaşygy bahar paslynyň ajaýyplygynda aýdyň duýulýar. Günüň altyn şapagy, özgerýän çöller we joşgunly zähmet türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşýar. Aýdym-sazlar kalplary ruhlandyrýar, ynsanlara täze umyt berýär.

 

Külli türkmen topragynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza bagyş eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan şeýle toý-baýramlar hasda uludan tutulýar. Bereketli türkmen topragynda, asuda hem parahat ýurdumyzda tutulýan toý-dabaralarymyza diňe bir türkmen halkymyz däl, eýsem, daşary ýurtlardan gelýän myhmanlar hem uly buýsanç hem guwanç bilen gatnaşýarlar.

 

Asuda, bagtyýar ýurdumyzda bahar täze umytlary, agzybirligi we şatlygy getirýär. Goý, bu baýramçylyk her bir ynsanyň ýüreginde bahar ýaly mähirli duýgulary oýarasyn!

 

Gülsenem HANOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň müdiri.