logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Uly çynar» hojalyk jemgyýeti sagatda plastik gapaklaryň 16200 sanysyny öndürýär!
  11.02.2023
2422
«Uly çynar» hojalyk jemgyýeti sagatda plastik gapaklaryň 16200 sanysyny öndürýär!

«Uly çynar» hojalyk jemgyýeti ýanwar aýynda Özbegistana we Birleşen Arap Emirliklerine plastik önümlerini eksport etdi. Bu kompaniýa 2009-njy ýyldan bäri plastik gaplaryň gapaklarynyň we tutawaçlarynyň önümçiligini alyp barýar. 2018-nji ýylda «Uly çynar» halkara «ISO» güwänamasyna hem mynasyp bolupdy.

Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda Hytaýyň enjamlary ornaşdyryldy. Kärhananyň häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi bu ýerde plastik gapaklaryň sagatda 16200 sanysyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçilikde ýerli we daşary ýurt çig malyndan peýdalanylýar. Kärhanada işçi-hünärmenleriň ýüzden gowragy dört çalşykda zähmet çekýär. Bu ýerde öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarda ýokary islegden peýdalanýar. Häzirki wagtda hojalyk jemgyýeti daşary ýurtlaryň birnäçesine plastik gapaklaryň eksportyny amala aşyrýar.