logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /«Uly ynam» daýhan hojalygy gara mallardan aýda 8 tonna süýt alýar
  09.02.2023
1222
«Uly ynam» daýhan hojalygy gara mallardan aýda 8 tonna süýt alýar

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň çäginde ýerleşýän «Uly ynam» daýhan hojalygy alyp barýan maldarçylyk işlerinde uly üstünlikleri gazanýar. Çünki bu ýerde tejribeli hünärmenleriň yhlasly zähmeti netijesinde, gara mallaryň we dowarlaryň ençemesine göwnejaý ideg edilýär.

Daýhan hojalygynyň maldarçylyk toplumynda häzirki wagtda simmental tohumly gara mallaryň 200-si saklanylýar. Şweýsariýanyň çäklerinde kemala gelen bu tohuma degişli mallar, esasan, iki ugur boýunça, ýagny et we süýt üçin idedilýär.

Bu ýerde idedilýän gara mallardan aýda 8 tonna süýdüň alynýar. Simmental tohumly gara mallaryň süýdi özboluşly tagamy, ýaglylygy bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, alnan taýýar süýt degişli we konditer ugurly önümçilik bilen meşgullanýan ýerli telekeçilere şertnamalar esasynda ýerlenilýär.

Maldarçylyk bilen meşgullanylanda hemişe üns merkezinde saklanylmaly bir wajyp mesele bolup, ol hem ot-iým meselesidir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Uly ynam» daýhan hojalygynyň bu babatda ýeterlik tejribä eýedigini ýatlamak mümkindir. Muňa daýhan hojalygynyň işgärleri tarapyndan uzak möhletleýin bölünip berlen 100 gektar ýerde ýorunja, kädi, gant şugundyry, jöwen, mekgejöwen ýaly ösümlikleriň ot-iýmlik hökmünde ösdürilip ýetişdirilmegi aýdyň mysaldyr. Bu ösümlikler mallarda ýokary süýt berijiligi saklamaga, süýdüň ýaglylyk derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýärler. Aýratyn bellemeli zat bolsa, bu ýerde degişli ösümlikleri ösdürip ýetişdirmekde dünýä tejribesinde giňden ýaýran gidroponika usulynyň ulanylýanlygydyr.