logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Unaşyň lezzeti
  03.03.2023
2212
Unaşyň lezzeti

Unaş türkmeniň milli tagamlarynyň arasynda naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Şonuň üçin-de, unaşa halkymyzda begler aşy hem diýilýär. Munuň, hakykatdan hem, şeýledigine halk hazynasynda öz mynasyp ornuny tapan şu aýtgylar hem şaýatlyk edýär: 

Unaş — begler aşy.
Belke onuň gardaşy.
 

Mährem enelerimiziň-mamalarymyzyň eli bilen kesilip taýýarlanylan unaşyň lezzeti-de, tagamy-da üýtgeşik. Işden ýadap gelen ýa-da nähoşlap, sowuklasaň, daşyňda perwana bolýan enelerimiziň, derrew elýeterinde duran kendirige ýapyşyp: «Häzir derrewjek hamyr ýugrup, unaş kesip, içine-de burçuny, noýbasyny atyp, süzme çalyny garyp bererin! Içersiň welin, deriňi süpürip ýetişip bilseň bolany, nähoşlugyňdan nam-nyşan galmaz, balam!» diýip, enelerimiziň taýýarlap beren unaşynyň tagamy ýaşymyz ýetmişiň gyrasyndan gädip ugran-da bolsa, agzymyzdan gidenok. Onuň ýerem üýtgeşik, lezzetem, şypa berijiligem. Şonuň üçin-de, tenekar, melhem, tagam, nahar bolan unaş her bir türkmen maşgalasynda diýseň eý görülýär. Unaşy hemmelerem eý görýändir welin, ol barada şu setirleri ýatlamak isleýärin: 

Bäri bakan hassany,
Jüýjeli unaş düzeder
 
- diýlişi ýaly, unaş köp derdiň dermany hasaplanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzlyp çykan «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabynda hem, unaş hakynda birnäçe peýdaly pelsepeler bar. Biz hem şol peýdaly maslahatlardan ugur alyp, milli naharlarymyzy, milli aşpezlik däp-dessurlaryny ösdürmek, ýurdumyzyň welaýatlarynda tagamlary taýýarlamagyň aýratynlyklaryny açyp görkezmek we olaryň häzirki zaman dünýäsi üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. 

 

Laçyn JANMAMMEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.