logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Uniwersitetli ýaş alym ysmanakdan plastmassa öndürdi
  01.12.2022
1130
Uniwersitetli ýaş alym ysmanakdan plastmassa öndürdi

Ejesiniň yzygiderli ysmanakly naharlary köp bişirip iýdirmeginden ylham alan, Gazagystanyň milli oba hojalygyny öwreniş uniwersitetiniň 19 ýaşly talyby Emir Belli, ysmanakdan plastik gaplary öndürmegi başardy. Bu plastik önümler tebigata zyňlanda 2 hepdäniň içinde dargaýar we bu gaplaryň içinde ýerleşdirilen tohumlaryň kömegi bilen ýene-de ösümlik gögerip çykýar.

Emir Belli ysmanakdan plastmassa öndürmek üçin 2,5 ýylda 200-den gowrak synag geçirdi. Netijede, muny başardy. Ereýän we dargaýan plastmassalaryň içindäki tohumlardan dürli ösümlikler gögerip çykýar.

Belli tarapyndan öndürilen plastmassalar ekologiýa taýdan arassa bolup, tebigatda 2 hepdäniň içinde doly dargaýar. Belli: « - Ejem hemişe ysmanakly naharlary köp bişirip iýdirýärdi. Men munuň sebäbini soramda ejem ysmanagyň saglyk üçin örän peýdalydygyny mälim etdi. Şundan ugur alyp men öz gözleglerimi ysmanakda geçirmegi ýüregime düwdüm. Gözleglerim netije berdi. Men muňa diýseň begenýärin!» - diýip belläp geçdi. 

 

Asat ANDAŞEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň mugallymy.