logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Üns barada biler bolsaňyz...
  23.11.2022
2125
Üns barada biler bolsaňyz...

Göwrümi, paýlanmagy, jemlenmegi, durnuklylygy we bir zatdan beýlekä geçirilmegi ünsüň esasy häsiýetlerini emele getirýär.

Bir bada kabul edilip bilinýän obýektleriň sany ünsüň göwrümi bilen kesgitlenip, ol uly adamda 4-6 maglumata deňdir.

Ünsüň erksiz üns, erkli üns, erkden soňky üns ýaly görnüşleri bar.

Ünsüň paýlanylmagy – adamyň şol bir wagtda iki ýa-da ondan köp işi ýerine ýetiren pursadynda ýüze çykýar. Mysal üçin, mugallym okuw wagtynda her bir okuwçy üçin ünsi paýlanýar. Ýadawlyk, tolgunmak ýaly ýagdaýlarda ünsüň paýlanylmagy belli bir derejede peselýär.

Ünsüň jemlenmegi – ünsüň diňe bir zatda jemlenmek we onda saklanmaklyk derejesi boýunça kesgitlenip, onuň daşky päsgelçiliklere durnuklylygydyr. Ünsüň jemlenmegi onuň göwrümi hem-de paýlanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýerine ýetirilýän iş näçe az bolsa, ünsüň jemlenmegi şonçada ýokarydyr.

Ünsüň durnuklylygy – ünsüň bu häsiýeti onuň bir zatda saklanmagynyň dowamlylygynda emele gelýär. Durnuklylyk ünsüň jemlenmegine ters gatnaşykdadyr. Ünsüň durnuklylygy näçe ýokary bolsa, onuň netijesinde döreýän nerw dartgynlygy hem ýadawlyk ünsüň dowamlylygyny şonçada gysgaldýar.

Ünsüň bir zatdan beýlekä geçirilmegi – ünsüň bu häsiýeti onuň bir zatdan beýlekä gönükdirilmegidir. Mysal hökmünde, okuw wagtynda geçilýän dersden başga derse üns çekilen ýagdaýynda ünsüň bir zatdan beýlekä geçirilmegi bolýar we ol belli bir derejede kynçylygy hem ýüze çykaryp bilýär. 

 

Aýbölek AMANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.