logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
  21.02.2023
1258
ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

«ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR — WATANYŇ DAÝANJY, HALKYŇ ВUÝSANJY» şygar bilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli «Türkmennebit» döwlet konserni, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazeti Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda ýurdumyzyň ösüşleri, özgerişleri, nebitgaz toplumynda ýetilýän täze sepgitler barada hem-de ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak, Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda ýazylan iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgulardyr hekaýalaryň bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän ähli işgärler gatnaşyp bilerler. Olar ýazan makalalaryny, oçerklerini, fotoreportažlaryny, goşgularyny, hekaýalaryny «Nebit-gaz — baýlygym, hazyna-genjim, Waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!» diýen mowzukda «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasyna ibermelidir.

Bäsleşige hödürlenen işlerde awtoryň öý salgysy, işleýän ýeri, wezipesi, telefon belgisi takyk görkezilmeli.

Döredijilik bäsleşigi 2023-nji ýylyň dowamynda geçirilip, onuň jemi Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda jemlener.