logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Uruş weteranlaryna goýulýan sarpa
  11.05.2021
865
Uruş weteranlaryna goýulýan sarpa

     Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe uruş weteranlarymyz, urşuň  yzynda galan enelerimiz uly hormat we sarpa bilen gurşalyp, olar üçin oňat ýaşaýyş-durmuş şertleri döredilýär. 1941-1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşine gatnaşan adamlaryň gahrymançylygyny, edermenligini biz buýsanç bilen ýatlaýarys. Biziň ýurdumyzdan bu urşa gatnaşan gerçekler sanardan has köpdür. Urşuň tamamlananyna 55 ýyl geçenden soň, 2000-nji ýylyň 4-nji maýynda uruşda gurban bolan gerçekleriň ählisine ”Türkmenistanyň Milli gahrymany” diýen at dakyldy. Bu gün türkmen topragynda asuda, parahat durmuş höküm sürýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň agzybirligi, jebisligi barha berkeýär. Parasatlylyk, nuranalyk ýaşuly neslimizi bezeýän bolsa, ýaşuly neslimiz hem biziň döwrümizi bezeýär.    Her bir öýde ýaşuly nesliň gündelik üstünliklerimize bir gez beýgelýändigini duýmak kyn däl. Uruş weteranlaryna we urşa gidip gaýdyp gelmedik esgerleriň yzynda galan maşgalalaryna bu günki-gün goýulýan sarpa diýseň uludyr. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşyna gatnaşan weteranlarynyň urşuň yzynda galan eneleriň, tylda zähmet çeken weteranlaryň öýlerine baryp olaryň hal-ýagdaýlary bilen içgin tanyşylýar. Weteranlara, urşuň yzynda galan ak saçly enelere, tylda zähmet çeken weteranlara ýurdumyz tarapyndan özleri üçin döredilýän mümkinçilikler, berilýän goldawlar üçin öz minnetdarlyklaryny bildirýärler.