logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /«Ussat bagban» atly hünär bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
  26.08.2022
851
«Ussat bagban» atly hünär bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

25-nji awgustda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ussat bagban» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna oba hojalyk pudagyna degişli edara-kärhanalarda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşygynyň agzalary bolan, dürli görnüşli baglary ösdürip ýetişdirýän, bäsleşigiň Aşgabat şäherinde we welaýatlarda geçen deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan bagbanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň ýeňijileri, bagbanlaryň bagbançylyk ussatlygyna, tebigaty goramakda alyp barýan işlerine, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmekde bitirýän hyzmatlaryna baha berildi. Ýeňijileri, Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Berdimyrat Rozyýew ýeňijileri yglan etdi.

 

 

Baş baýraga, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Muhammet Bäşimow, 1-nji oruna, Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Nahalhana tokaý bölüminiň bagbany Amangeldi Bazarow, 2-nji oruna Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Nury Abaýew şeýle-de Daşoguz welaýatyndaky Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik synag merkeziniň baş bagbany Aşyrbaý Bäşimow, 3-nji oruna Daşky gurşawy goramak gullugynyň Bekrewe tokaý hojalygynyň bagbany Aýnur Babaýewa şeýle-de «Sünt-Hasardag» döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň kärendeçi bagbany Çaryýar Tagyýew dagylar mynasyp boldular.

 

 

Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.