Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy — dünýä şygryýetiniň şamçyragy ✦ ✦ Afrika tokaýlarynyň täsin jandary — bongo ✦ ✦ Türkmen futbolçylaryndan ynamly ýeňiş ✦ ✦ Ýurdumyzda Gurban baýramy giňden bellenilýär ✦ ✦ Özbegistan taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar ✦ ✦ Mätäç çagalara lukmançylyk kömekleri berildi ✦ ✦ “Ekologiýa üçin innowasiýalar we telekeçilik başlangyçlary” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Ýerleriň şorlaşmagy tebigy durnuklylyga howp salýan mesele ✦ ✦ Biodürliligi gorap saklamak sagdyn ekoulgamy döretmegiň esasy şertidir ✦ ✦ Türkmen suratkeşleri Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Sport /Ussatlyga beslenýän belent günler.
  05.08.2019
809
Ussatlyga beslenýän belent günler.

  Hormatly Prezidentimiz dynç alyş wagtynda hem sport, aýdym-saz bilen meşgullanyp, şäheriň gözel künjekerine hem-de Olimpiýa şäherçesine welosipedli gezelenç etdi. Arkadag Prezidentimiz ähli  halkymyzy welosport bilen meşgullanmaga çagyrdy. Soňra Hormatly Prezidentimiz “Şapolat” atly aty bilen didarlaşdy we birsellem gezelenç etdi. Arkadag Prezidentimiz atçylyk pudagyny ýokary derejä çykaryp, atçylyk sportuny ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berýär. 2017-nji ýylda Olimpiýa şäherçesinde  V Aziýa oýunlary we 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçdi. Sport adamyň saglygyna oňyn täsir edýär. Biziň ýurdumyzda sporty ösdürmek barada ähli şertler döredildi, bu ulgamda uly maýa goýumlary goýulýar. Ýurdumyzda sportuň tarapdarlary barha artyp, köpçülikleýin sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Biziň türgenlerimiz dünýä derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolup, Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny belende göterýärler.

  Zähmet rugsadynyň dynç alyş günlerinde Mähriban Arkadagymyz aýdym-saz sungaty bilen meşgullanýan agtygy Kerimgulynyň täze döreden “Ýaşa Türkmenistan! Bedew bady bilen diňe öňe!” diýen saz eseriniň sazyny dürli saz gurallarynda, dürli öwüşgin çaýyp, ilki diňläp, soňra hiňlenip gördi. Bu ajaýyp saz Garaşsyzlyk baýramyna mynasyp sowgat bolar diýip belledi. Şeýle hem dynç alyş günlerinde Hormatly Prezidentimiz ýarygije Garagum çölünde sport ulagynda ýol geçdi. Mähriban Arkadagymyz Garagum çölüniň  çylşyrymly ýollaryny ussatlyk bilen geçip, “Garagumyň ýalkymy” diýen ýerine gelip, birnäçe çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirdi. Menzil aşyp barýarka Arkadag Prezidentimiz agtygy Kerimgulynyň döreden täze saz eserini diňledi.

  Dynç alyş günleri dowam edýän pursatynda Hormatly Prezidentimiz türkmen Alabaýlary hakynda döreden “Türkmen Alabaýy” diýen kitabyny ýazyp gutardy we çap etmäge tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän  bu ajaýyp eseri türkmen halky üçin ajaýyp sowgat bolar.