logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Üstünlige ýetmek üçin...
  30.12.2022
1300
Üstünlige ýetmek üçin...

- Islendik ynsanyň hem artykmaç zehini ýa-da ukyby ýokdur. Durmuşda üstünlige ýeten adamlar, maksat edinen zatlaryna bolan gyzyklanmalarynyň aşa güýçlüligi bilen ýetendir.

- Has akylly adam bolmak üçin däl-de, kynçylyklara garşy göreşde soňuna çenli göreşip bilmegi maksat edinmelidir.

- Ähli ünsüňi diňe bir maksada gönükdirmeli. Birbada iki işi etjek bolýan adam şolaryň haýsy hem bolsa birine az üns berýändir.

- Hyýal güýjüňi ösdürmeli, çünki hyýal güýji – her bir başlangyjyň özenidir, täze pikirleriň açarydyr. Islendik şahsyýetiň ösmegi üçin ilki bilen onuň hyýallary, düşünjeleri baý bolmalydyr.

- Sagdyn pikirlenmek – bu şowlulyklaryň ilkinji ädimidir.

- Ýalňyşmakdan gorkmaň! Ýalňyşmadyk adamda täzelikler hem bolmaýar. Ýalňyşlyklara kämilleşmegiň serişdesi hökmünde garaň. Çünki kämillik hem müňlerçe ýalňyşyň aňyrsynda ýatandyr.

- Şu gün bilen ýaşaň! Üstünlige ýetmek ugrunda artykmaç pikirler ünsi jemlemäge böwet bolýandyr.

- Geljegi gowy ýola salmagyň iň gowy usuly häzirki wagtdan netijeli peýdalanmakdyr.

- Başgalary sylamagy hem-de özgelerde saňa bolan sylag-sarpany kemala getirmegi başar! Şöhratly bolmaklyga däl-de, sylag-hormatly bolmaklyga ýykgyn et!

- Wagtyňy boş sarp etmän, ony netijeli peýdalan. Jemgyýetde il bähbitli yz galdyrmagy başar.

- Her gün şol hemişeki durmuşda ýaşap, dürli netijelere garaşmaň! Günüňi özgertmek öz eliňde!

- Durmuşda iň gowy oýunçy bolmak isleseň, oýnuň düzgünini bilmäne çalyş. Şol düzgünler boýunça hereket etmäge ýykgyn et. Şeýle ýagdaýda iň gowy şahsyýet bolmaklyk hem başardar. 

- Oka, öwren, döret! Hyýalyňda meýilleşdiren maksatlaryňy, okan zatlaryňy yzygider baýlaşdyr we kämilleşdir. Şol maglumatlary hem tejribede öwren. Tejribe – bu kämillige tarap barýan ýoldur. 

 

Nepes ATAKOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.