logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Interesting /Üstünlikli durmuşyň 7 syry!
  23.02.2023
1583
Üstünlikli durmuşyň 7 syry!

Durmuşyň ähli ugurlarynda üstünlik gazanmak elbetde, hemmeleriň islegi. Islendik ugurdaky üstünligiň esasy syry, alnan bilimleri, toplanan tejribeleri durmuşda dogry ýerinde ulanmak we bolup biläýjek ýalňyşlyklardan gorkmazlykdyr. Üstünlikli durmuşyň 7 sany syry: 

1. Hemme zada açyk bolmak we hiç zada bagly bolmazlyk.


Gündelik durmuşda mümkin boldugyça päsgelçilikler hem bolýar. Şeýle pursatda mümkin bolan netijeli pikiri, tejribäni dogry ulanyň. Hemme zada açyk we taýýar boluň. Diňe özüňiziň däl, töweregiňizdäki adamlaryň pikirlerini diňlemek hem möhümdir. Özüňi çäklendirmek size gelip biljek ylhamlardan hem çäklendirer!

2. Zehiniňi puja çykarmazlyk.

Özüňe berlen zehini dogry ulanyp bilmek hem peýdaly başarnykdyr. Bar bolan başarnyklaryňyzyň we ukyplaryňyzyň ýitip gitmeginiň öňüni alyp, zehini puja çykarmazlyk gerekdir. Sebäbi anyk maksatlar hem zehin bilen tutuş bir ömri gowulyga sary üýtgedip bolar. Munuň üçin ýönekeýje, kiçijik bir zat bilen başlaň. Her bir zatda öňe gitmek möhüm däl, esasy zat, zehiniňi durmuşa geçirmäge kömek etjek mehanizmi herekete getirmekdir.

3. Dymmaklyk – uly güýçdür.

Biz çalt depginde üýtgeýän, ösýän dünýäde ýaşaýarys. Günde 24 sagat, ýylda 365 gün - bu biziň wagtymyz, bize berlen mümkinçilik. Gündelik ýüze çykýan galagoply, jedelli ýagdaýlarda asuda durmuşda ýaşamak üçin dymmaklyga hem ýer goýmaly. Çünki dymmaklyk – bu uly güýçdür.

4. Geçmiş bilen galmazlyk.

Käte biz şahsy taryhymyza aşa ähmiýet berýäris. Geçmişde käbir zatlarda şowsuzlyga uçramaklyk, geljekde şowsuz boljakdygyňyzy aňlatmaýar. Geçmişde negatiw bir zadyň bolmagy, geljegiň ajaýyp bolup bilmejekdigini görkezmeýär. Gaýta ondan sapak almaly. Geçmişiň geljegiňi bökdemegine ýol bermeli däl!

5. Sagdyn pikirlenmek.

Sagdyn pikirlenmek – bu şowlulyklaryň ilkinji ädimidir. Ol ähli ünsüňi diňe bir maksada gönükdirmäge ýardam edýär. Birbada iki işi etjek bolýan adam şolaryň haýsy hem bolsa birine az üns berýändir. Durmuşda üstünlige ýeten adamlar, maksat edinen zatlaryna bolan gyzyklanmalarynyň aşa güýçlüligi bilen ýetendir.

6. Ruhubelent bolmaklyk.

Ähli şowsuzlyklary ýatda saklamaga hiç hili sebäp ýok. Bu siziň durmuşyňyz! Size degişli zady çözüp biljekdigiňizi ýatdan çykarmaly däl. Durmuşda ýadawlyk berýän duýgulara üçin ýer bolmaly däl. Oňyn, döredijilikli pikirleri we duýgulary saýlaň, ruhubelent boluň we durmuşyňyzyň üstünliklerine tomaşa ediň!

7. Sussupeslige eltýän pikirlerden gaça durmak.

Özüňi gaty ejiz, ýeterlik akylly däl hasaplamaga ýa-da başarmak isleýän zadyňyzy edip bilmejekdigiňizi duýmaga ýol bermäň. Güýçli taraplaryňyzy ulanyp, ýeňip bolmajak hasaplaýan gowşaklygyň arasyndaky tapawuda düşüniň. Çünki bu pikirler sussupeslige eltip biler.

 

Nurmuhammet BAÝRAMDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.