Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Üzärlik dermanlyk ösümligi
  24.12.2021
667
Üzärlik dermanlyk ösümligi

 Bu dermanlyk ösümligiň dünýäde 6 görnüşi, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Ösümlik başgaça ýüzärlik, iswent, adrappan, zäldirk diýip atlandyrylýar. Üzärlik- ýüzärlikler maşgalasynyň ady bir urygynyň boýy 30-50 sm ýetýän köp ýyllyk otjymak wekili. Onyň toprakda ösen okptint köki ýerleşýär. Ol aprel aýyndan tä güýziň ahyryna çenli ösýär. Ösümlik aprel aýynyň ahyrynda-maý aýynda gülleýär, iýunda miweleýär, güýziň ahyrynda tohumy ýetişýär.

Ösümlik gurakçylyga örän çydamly. Güýçli kökleri dikligine topragyň 4-5 metr çuňlugyna aralaşyp bilýär. Ol toýynly we çägesöw toprakly ýarym çöllik düzlüklerde hem dag eteklerinde, kä halatlarda deňiz derejesinden 2800 metr belentliklere ýetýän daglarda bitýärler. Ösümligiň 1000 tohumynyň agramy 2-3 gram çykýar. Bir düýp ösümlikde 282-437-ä çenli gozajyklar emele gelýär.

Diýarymyzda ösümlik günörta-günbatar köpetdagda: çukurgalada, hojagalada, magtymgulyda, degirmenlide, merkezi köpetdagda: robergowskiýde, perwomaýskiýde, wannowskiýde, gökderede, duşakerekdagda, çaýekde, meýrebapda, germapda, mürjedagda, arçabilde, gurtly suwda, howdanda, gündogar köpetdagda, bathyzda we garabilde, köýtendagda köpçülikleýin duşýar.

Üzärlik ýurdymyzdaky seýrek ot-çöpleriň hataryna goşulmaýar. Dermanlyk maksatlar üçin gory ýeterlik. Ülkämiz boýunça üzärlikli otlyklar takmynan 150-350 gektara deňdir. Üzärligiň gür otlyk bir gektar ýerinde 1400-42000 çenli ösümlik duşýar. Ösümligiň gury otynyň hasyllygy 1 gektara 7-9 sentnere barabar. Tohumyň hasyllylygy 4-5-den 10-12 sentnere çenli. Her ýylda takmynan 80 tonna gury çig maly ýygnama mümkinçilik bar.

Lukmançylyk maksatlary üçin üzärligiň oty, seýrek ýagdaýlarda tohumy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Onuň otyny ir baharda gunçalaýan wagtynda ýygnamaly. Çig maly adaty usylda guratmaly hem taýýarlamaly. Taýar bolan çig maly mata ýa-da kagyz haltada saklamaly. Möhleti 1-2 ýyl. Şol bir çig mal ýygnalýan meýdança 1-2 ýyl maý bermeli. Ol tebigy ýagdaýda ösümligiň dikeldilmegini üpjün eder.

Demgysmada üzärligiň  5-10 dänesini her gün 3 gezek agzyňa atmaly ýa-da olary gaýnadyp suwyny içmeli. Oňat guradylan otynyň 1 nahar çemçesini çaklaňrak jama salyp otlamaly. Tüssesine özüňi tutmaly, jamyň üstüne egilmeli, tüsse daşara çykmaz ýaly üstüne birzat atmaly. Şu bejeriş usuly sowuklamadan gutylmaga kömek eder, asgyrma we buryn dykylma dessine aýrylýar.