Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /Üzärlik – müň bir derdiň dermany
  08.02.2023
2241
Üzärlik – müň bir derdiň dermany

Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere diýseň baý hasaplanýar. Ýurdumyzyň daglarynda, çöllerinde ösýän bu baýlyklaryň adam üçin peýdasy örän uludyr. Şeýle dermanlyk ot-çöpleriň hatarynda üzärlik hem bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işinde üzärligiň peýdaly häsiýetleri dogrusynda gymmatly maglumatlar berilýär. Şeýle-de, bu kitapda ösümligiň häsiýeti, düzümi, peýdalanyşy barada gyzykly we gerekli maglumatlar bar. Halkymyzyň asyrlarboýy ulanyp gelýän üzärligi häzirki günlerde durmuşda we lukmançylykda giňden ulanylýanlygy bilen beýleki ösümliklerden aýratyn tapawutlanýar.

Türkmen tebigatyny üzärliksiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Köp asyrlardan bäri halkymyz bu dermanlyk ösümligi keseliň öňüni alyjy, bejeriji, howadaky göze görünmeýän kesel ýaýradyjylary ýok ediji serişde hasaplapdyr. Üzärligi tütetmegiň türkmen durmuşynda däbe öwrülmegi hem çuňňur many-mazmuny özünde jemleýär.

Halkymyz üzärligi örän mukaddes saýyp, onuň oty ýaman gözlerden goraýar diýip düşünipdirler. Şeýle hem üzärligiň otundan dürli mör-möjekleriň, hatda ýylanyň hem gaçýandygy subut edilendir. Üzärlik tütedilende bolsa, mikroblaryň gyrylýandygy anyklanyldy. Ata-babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde wagtal-wagtal tütedip, tüssesini töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar.

Üzärligi iki maksat bilen, ýagny dermanlyk häsiýeti üçin we boýag hökmünde hem ulanypdyrlar. Üzärligiň köküni gaýnadyp, onuň suwuny içmek bilen, gyzzyrma keselinden saplanypdyrlar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, guradylmadyk üzärlik bilen aýagyň guragyrysyndan ýa-da bogun agyrylardan saplanyp bolýar. Guradylan üzärlikden çaý demläp, sowuklamany, garaguş, böwrek kesellerini, agzy çaýkap, diş agyryny bejeripdirler. Ol suwsuzlyga örän çydamly ösümlikdir. Şonuň üçin ol diňe gurak ýerlerde bitýär. Türkmenistanda onuň diňe bir görnüşine gabat gelinýär.

Tomsuň ahyrky aýlarynda ýa-da güýz aýlarynda üzärlik ösümligini derman serişdesi hökmünde ýygmak bolýar. Üzärlik ösümligini basgylamaly däl hem-de güllerini ýolmaly däldir. Ony ýyganyňdan soňra kölegede guratmaly. Günde goýlan üzärlik dermanlyk häsiýetini ýitirip biler. Guradylan üzärligi uzak wagtlap saklamak bolýar. Bu ösümlik 3-4 ýyllap dermanlyk häsiýetini ýitirmeýär. Garagum sährasynda ojar, sazak, ýowşan, gandym, borjak ýaly ösümlikler bilen bir hatarda üzärligiň hem tokaýlyklary bar. Esasy bellemeli zat, üzärlik ajy bolansoň, haýwanlar ony iýmeýärler. 

 

Döwrangeldi DURDYÝEW,

Seýitnazar Seýdi adyndaky 
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti 
kafedrasynyň mugallymy.