logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Poetry /Üzärlik saglygyň girewidir
  23.03.2020
1349
Üzärlik saglygyň girewidir

      Üzärlik türkmenleriň arasynda gadym zamanlardan bäri ulanyp gelinýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Häzirki wagtda hem her bir türkmen öýünde bu ösümligiň bir çogdamyny görmek bolýar. Üzärlik türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda keselleriň 50-den gowragynyň garşysyna ulanylýar. Ösümligiň dermanlyk häsiýetleri baradaky maglumatlar Abu Aly ibin Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», Seýit Ysmaýyl Gürgeniniň «Tebipçiligiň ýan kitaby» we Muhammet Hüseýniň «Melhemler hazynasy» diýen eserlerinde duş gelýär. Üzärlik halk lukmaçylygynda «ýüzlerçe keseli» bejermek üçin ulanylýan has belli ösümlikdir.

       Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda ýüze çykan ýiti sowuklama keseliniň öňüni almaklyk boýunça ýurdumyzda zerur çäreler geçirilýär. Bu keseliň ýaýramazlygynyň öňüni almak üçin ýurdumyzda tebigy bitýän ösümlik bolan üzärlik ilkinji derman bolup, üzärligi öýlerimizde, iş ýerlerimizde we adamlaryň köpçülikleýin barýan beýleki ýerlerinde güniň dowamynda 2-3 gezek tüsseletmek bilen özümizi bu kesele duçar bolmagyndan gorarys. Şol sebäpli, geliň hemämiz bu keseliň ýaýramazlygy üçin zerur işleri geçireliň!