logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Uzawto motors» kompaniýasy Türkmenistandan üstaşyr ýük ugratdy
  26.01.2023
1035
«Uzawto motors» kompaniýasy Türkmenistandan üstaşyr ýük ugratdy

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly «Uzawto motors» kompaniýasynyň (Özbegistan) ýüzden gowrak 40 futluk konteýnerlere ýerleşdirilen ýüklerini «Azermaş» (Azerbaýjan) kompaniýasyna ugratmagyny gurady.

Bu konteýnerlere awtomobil önümçiligi üçin niýetlenen awtoulag ätiýaçlyk şaýlary ýüklenildi.

2023-nji ýylyň başyndan Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy — Baku — Türkmenbaşy gatnawy ugry boýunça fider ýük gatnawlaryny amala aşyrmak üçin «Balkan» gämisinden peýdalanyp başlady.