logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Üzüm- şahalarda düzüm-düzüm
  02.08.2022
1302
Üzüm- şahalarda düzüm-düzüm

        Dermanlyk häsiýeti bilen ir döwürlerden bäri meşhurluga eýe bolup, halkymyzyň giňden peýdalanýan miweleriniň biri-de üzümdir. Bu ösümlik diňe bir azyklyk ýa-da dermanlyk maksatlar üçin däl-de, eýsem, bezeg we bal beriji hem-de ot-iýmlik üçin hem peýdalanylýar. Ýurdumyz üzümiň köp görnüşleriniň ösýän watany bolup, onuň gelip çykýan genetik merkezi hasaplanylýar. Üzüm beýleki miweli baglaryň hasylyndan köp hasyl berýän ösümlikdir. Ondan taýýarlanan kişmişiň düzüminde kaliý duzunyň köplügi sebäpli, ol nerw we ýürek-damar ulgamyny berkitmäge ukyplydyr. Kişmişdäki bor maddasy bedende kalsiniň ýeňil siňmegine kömek edýär. Üzümiň 350-ä golaý görnüşi bolup, ýabany hem-de medeni görnüşleriniň köpüsi miwelerinde çigit (tohum) saklaýarlar. Miwesinde tohum saklamaýan görnüşleri bolsa kişmiş taýýarlamakda gymmatly önüm hökmünde ulanylýar.
    Ýurdumyzda üzüm nahallaryny oturtmak güýzde şeýle hem ýaz aýlarynda geçirilýär. Üzüm nahallary oturdylýan mahalynda, üzümiň uzak ömürliligini hem-de önümliligini üpjün etmek üçin, olary hemişelik ýerinde oturtmak iň möhüm işleriň biridir. Talabalaýyk ideg we timarlama çäreleri doly geçirilende, oňat hasyl getirýän döwri 35 – 40 ýyl we ondan-da köp dowam edýär. Üzümiň dänesindäki pektinler radioaktiw elementleriň, agyr metallaryň we beýleki toksinleriň bedenden çykarylmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, üzümiň örän güýçli antiseptiki täsiri bar, onuň birnäçe kesel dörediji ýokançlyklaryň öňüni alýandygy barada ylmy kitaplarda beýan edilýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, ganazlygy, käbir ýürek-damar kesellerini, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyny, bogun agyrysyny üzüm bilen bejermek mümkin. Şeýle-de, peşew ýollarynda, böwrekde daşlaryň emele gelmeginiň öňüni alýar.