logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /«Volkswagen» Hytaýdaky zawodynda önümçiligi duruzdy
  29.11.2022
1119
«Volkswagen» Hytaýdaky zawodynda önümçiligi duruzdy

Hytaý häzirki wagtda koronawirusyň täze tolkuny bilen göreşýär. Ýurtdaky çäreler has-da güýçlenýändigini nazarda tutup, Hytaýdaky halkara kompaniýalar hem dürli çäreleri görüp başladylar.

Berlen habara görä, nemes awtoulag öndürijisi «Volkswagen» geçen hepde ýurduň Chengdu sebitinde koronawirus keseliniň köpelmegi sebäpli önümçiliginiň togtadylandygyny habar berdi.

Şeýle hem kompaniýa Chengdu şäherindäki zawodda awtoulagyň käbir bölekleriň ýetmezçiligi sebäpli önümçiligiň saklanandygyny habar berdi. Ýagdaýlaryň durnuksyzdygy habar berildi.