logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär
  11.03.2023
754
Wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär

Şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň guramagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly mynasybetli ýerlerde wagyz-nesihat maslahatlarydyr duşuşyklary, dabaraly çäreler geçirilýär. Şonuň çäginde Kärdeşler arkalaşyklarynyň edara-kärhanalardaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň, hünärmenleriniň hem-de gaznaçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän maslahatlar aýratyn işjeňlige eýe bolýar.

TKA-nyň Kaka etrap birleşmesinde bolan okuw maslahat täsirliligi bilen tapawutlandy. Maslahatlarda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy M.Myradowyň, birleşmäniň esasy hünärmeni A.Magtymgulyýewiň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli babatdaky ösüşleri hakdaky gürrüňe ünsi çekip, jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi berkitmekde, raýatlaryň döredijilik işjeňligini ösdürmekde, agzalarynyň zähmet hukuklarynyň hemişe goragynda bolmakda, zähmetkeşleriň hünär derejesini kämilleşdirmekde, olar üçin döwrüň talabyna laýyk gelýän iş we dynç alyş şertlerini guramakda Kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işleriniň ähmiýeti dogrusynda durlup geçildi.

Okuw maslahatda Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda iş meýilnamalarynyň, şertnamalaryň ýerine ýetirilişi, resminamalaryň dogry ýöredilişi, maliýe-hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, agzalara arkalaşyk kömegini bermegiň tertibi dogrusyndaky gürrüňe-de üns çekildi, «Arkadag Sedarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda öňde durýan wezipeleriň üstünde durlup geçildi. Maslahatlara gatnaşyjylar il-günümizi baky bagtyýarlyga alyp barýan döwlet Baştutanymyzyň adyna päk ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

 

Bahar ÄRNEPESOWA,

Türkmenistanyň  Kärdeşler
arkalaşyklarynyň   Kaka etrap 
birleşmesiniň kätip-kompýuterçisi.