logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
  22.09.2022
857
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygynyň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde wagyz-nesihat çäreleri, okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär.


Ýakynda Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň şeýle hem ministrligiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň bilelikde tassyklan iş meýilnamasy esasynda Tejen galla önümleri kärhanasynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda geçirilen wagyz-nesihat çäresi hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlandy.


Wagyz-nesihat duşuşykda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde mähriban Watanymyzyň günsaýyn ösüp, özgerýändigi, ykdysady kuwwatynyň has ýokary derejelere galýandygy şeýle hem köçelerde ulaglaryň sanynyň artýandygy, bu bolsa pyýadalaryň hem-de sürüjileriň ünsli bolmagyny talap edýändigi barada aýdyp geçdiler. Şeýle hem ýollarda adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, pyýadalar bilen ulaglaryň sazlaşykly hereketini guramak boýunça işleriň ýokary guramaçylykly alnyp barylýandygy barada giňişleýin duşuşyga gatnaşyjylara düşündirdiler.


Duşuşygyň ahyrynda halkyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Berdimyrat WELIÝEW,

Tejen galla önümleri kärhanasynyň
Kärdeşler arkalaşygynyň
ilkinji guramasynyň başlygy.