logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
  28.01.2023
707
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Ýakynda, Tejen etrabynyň Tejen şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen kararlary raýatlara düşündirmek maksady wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä il-sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan «Öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!» diýen ruhubelent  şygar astynda ösüşiň täze belentlikleri nazarlap, aýdyň geljege ynamly gadamlar bilen barýan ýolunda durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetildi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler ata-babalarymyzyň has möhüm syýasy, ykdysady, medeni-durmuş meselelerini jemgyýetçiligiň ygtyýarly wekilleri bilen ählihalk forumlarynda maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzda raýatlarymyz üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle hem ösüşleriň ýoly bilen halkyny öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Gulmuhammet SÄHEDOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň
başlygy.