logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
  10.03.2023
745
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Ýakynda Tejen etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda «Sagdyn we howpsuz iş şertleri» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä kärhanada zähmet çekýän işgärler, mehanizatorlar, etrabyň daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän topar ýolbaşçylary işjeň gatnaşdyrlar.

Wagyz-nesihat çäresinde Tejen etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň başlygy W.Akmaýew, kärhananyň zähmeti goramak boýunça II-derejeli hünärmeni N.Güjükow, kärhanayň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy H.Hojaberdiýew, TKA-nyň Tejen etrap birleşmesiniň başlygy G.Sähedow dagylar çykyş etdi.

Olar öz çykyşlarynda häzirki wagtda bugdaý ýetişdirilýän meýdanlarda ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, kesellerden we zyýankeşlerden goramak, şu ýylyň pagta hasylyny ekmek üçin görülýän taýýarlyk işleri hem-de möwsümde zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişi, her bir iş ornunda zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi, önümçilikdäki betbagtçylykly hadysalaryň, ýol-ulag we ýangynyň döremegi bilen bolup geçýän hadysalaryň hem-de hünär keselleriniň öňüni almak boýunça çäreleriň geçirilişi dogrusynda belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar oba-hojalyk pudagyny ösdürmekde uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

 

Gulmuhammet SÄHEDOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň başlygy.