logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Wagyz-nesihat çäresi geçirilýär
  16.05.2021
907
Wagyz-nesihat çäresi geçirilýär

     Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan -parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany diýip atlandyrylýan ýylymyz hem taryhy wakalara, rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, ekologiýany, daşky gurşawy goramak, tebigaty aýawly saklamak baradaky taglymatlaryndan ugur alyp hem-de ýetip gelýän soňky jaň dabarasyny guramaçylykly geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny giňden toýlamak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşi, Sarahs etrap Polisiýa bölümi, Sarahs etrap Bilim bölümi bilen bilelikde düzlen meýilnamasyna laýyklykda etrabyň orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçylarynyň we olaryň ene-atalarynyň gatnaşmaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Çärelerde mekdep okuwçylaryna soňky jaň dabaralaryny guramaçylykly geçirmek, häzirki günlerde Türkmenistan döwletiniň daşky gurşawyny goramak babatda umumy adamzat bähbitli alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, ekologiýany arassa saklamak, daşky gurşawy gorap saklamak babatda kanunçylygyň we halkara ekologiýa hukuklarynyň sazlaşykly derejede bolmagyny gazanmaklyk dogrusynda alnyp barylýan işleri ösüp gelýän ýaş nesilimize giňişleýin düşündirildi. Çäre ýurdumyzda alnyp barylýan arassaçylyk sanitariýa işlerini hem-de lukmaçylyk agyz-burun örtüklerini doly we talabalaýyk dakynmak, howpsuz araçägi saklamak, şahsy gigienalaryny berk berjaý etmeklerini tabşyrmak bilen utgaşdy.