Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  23.01.2023
478
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ak bugdaý etrabyndaky 44-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi hem-de etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesi tarapyndan bilelikde guraldy. Oňa ýokary synp mekdep okuwçylarydyr ýaş mugallymlar gatnaşdy.

Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki mejlisinden gelip çykýan wezipelere, kabul edilen çözgütleriniň taryhy ähmiýetine üns çekildi. Çykyş edenler Milli Liderimiziň: «Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr» diýen çuň manyly sözleriniň gözbaşynda türkmen ýaşlaryna belent ynam bildirilýändigi bilen baglanyşykly hakykatyň durandygyny aýratyn bellediler hem-de şol ynama mynasyp jogap berjekdiklerini nygtadylar.

Duşuşykda ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladalar üçin Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.